Türkmeniň toýuna garrama ýok, diýýärler. Toýa başlan maşgala ilki bilen obanyň ýa-da töwerekdäki ketguda bilen maslahatlaşýar. Toýuň guramaçylyklary üçin geňeşler edilýär.
Dünýäde boluşy ýaly Türkmenistanda-da toý hyzmatlary telekeçiligiň giň görnüşine öwrüldi. Ösen döwürde ýaş çatynjalaryň iň süýji gününi gowy ýatlama bolup galmagyny elbetde her bir maşgala arzuw edýär. Emma toýuň aljyraňlygy we aladasy hem ýetik bolýar. Gyzyň köýnegi, oglanyň ýüzügi, toýhanaň bezegi, dabaranyň aýdymçylary we alyp baryjylary …. umuman sanasaň sogaby bar.

Hut şu sebäpden ýaş telekeçiler Guwanç we Batyr halkyň şu meselesini çözmegi öz göwünlerine düwüpdir. Toyetjek.COM portalynyň ilkinji ideýasy ilkinji gezek 2017-nji ýylda esaslanypdyr. Ilkinji pikirleri jemlemek üçin öz ulaglarynda oturyp maslahatlaşypdyrlar. Soňlugy bilen bolsa bu proýekti toýhanalar, toý hyzmatlary hödürleýän kärhanalar, aýdymçylar, sazandalar, we beýlekiler assa-ýuwaş goldap başlapdyrlar.
Pikriň ulalmagy bilen arkaýyn oturyp işlemek üçin ofis tutmalydygyna göz ýetirýärler. Şäheriň dürli nokatlaryny görýärler. Emma hiç ýerde öz işjeňligini kanagatlandyrjak ýer tapyp bilmeýärler. Soň bolsa “Berkarar” söwda we dynç alyş merkeziniň 2-nji gatyny gezip ýörkä oňaýlyja bir ýere duş gelýär. Häzirki wagtda bu kiçi “ussahanada” uly dabaralaryň guramaçylygy meýilleşdirilýär.
Elbetde, innowatiw we täzelikçi bir hyzmat hödürlenende adamyň aklyna ilkinji geljek pikir “gymmat bolmaly!” bolýar. Batyr we Guwanç bolsa tersine amatly bolýandygyny nygtaýarlar.
Toý eýesiniň käbir hyzmatlary tapmak üçin ýitirýän wagtyndan daşary, belli möçberde artykmaç çykdajy hem edýär. Emma Toyetjek.com platformasy hemme hyzmatlaryny açaçan we ulanmaga ýönekeý dizaýnda hödürleýär.

Ýaş çatynjalar öz göwnündäki ýaly egin-eşik, toýhana bezegi, süýjülik torty sargap bilýär. Öňlerine goýulan kataloglarda aýdymçy, sazanda, DJ hem sazlap bolýar. Alyp baryjylaryň tanyşdyryş wideolaryna hem tomaşa edip deňeşdirmäge mümkinçilik bar.
Çakylyklaryň täze döwri bolsa – elektronik çakylyk. Toýa çagyrylýan myhmanlara SMS, e-poçta ýa-da sosial media arkaly ugratmak mümkin. Gerek bolan halatynda her myhmanyň öz oturjak ýeriniň belgisine çenli öňünden mälim edip bolýar.
Müşderilerden hyzmatyň ýokary derejede, wagtyňy tygşytlaýyjy we amatly bolandygy barada seslenmeleri ýygy-ýygydan alýarlar.
Onda näme mähribanlar, toý bolsun, baýram bolsun!
PS: Sosial mediada “Toýa gerekli ähli zat bar” diýilse, müşderilerden “gelin gerek” diýýänler hem bar.
Teswirler
Woow gaty gowy pikir edipdirler önler gaty kösenilyardi. Molodec oglanlar DİNE ÖNE!
Gaty gerekli we gaty dogry bir ulgam yasapdyrlar!
Makalany beyle gyzykly yazyp bilmek uchin diysen dilebar bolmak gerekdir. Makalalarynyzyn manysy we gyzygy hich egsilmesin doganlar