Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran ajaýyp eýýamy mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlyk zamanasynda milli ösüşiň täze bir tapgyryny – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni alamatdyrdy. Bu ajaýyp döwürde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi Watanymyzyň taryhynda henize çenli görlüp-eşidilmedik beýik derejelere ýetdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler geçen ýylyň dekabrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli 12 günläp dowam eden baýramçylyk sergisinde hem öz beýanyny tapdy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň esasynda şunuň ýaly giň gerimli sergini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli geçirmeklik hem göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda milli döwlet berkararlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli paýtagtymyzda beýikligi 300 metr bolan diň gurlup ulanylmaga berler. Bu diň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesini geljekki nesiller ýatlar ýaly özboluşly bir desga arkaly ebedileşdirmeklik maksady esasynda gurulýar.
Berkarar Watanymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli şu ýyl gözel paýtagtymyz Aşgabadyň belent dag gerşinde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkeliniň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň, Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň, «Arkadag» we «Garagum» myhmanhanalarynyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň edara binasynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasynyň, Hökümet münberiniň binasynyň, Kabul ediş merkeziniň binasynyň we başga-da birnäçe maksatly desgalaryň açylyş dabaralary bolar.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň milli döwletliligini alamatlandyrýan Garaşsyzlyk baýramymyzyň 30-njy gezek bellenilýän şu ýylynda – Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmeklige häzirden taýýarlyk görülýär. Biziň ýurdumyzda şunuň ýaly iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmekligi hem, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň ägirt uly derejelere ýetendigini kesgitleýär. Çünki, häzirki zaman dünýäsinde dünýä çempiontlaryny geçirip bilýän ýurt kuwwatly döwlet hasaplanýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda şu ýylda geçiriljek welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionaty hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda ýeten ägirt uly ykdysady kuwwatyny bütindünýä jar eder.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyrylýan şu ýylynyň bütindünýä jemgyýetçiliginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip, ýurdumuyzda bolsa «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, parahatçylyk we ynanyşmak döwlet Garaşsyzlygynyň mizemejek berk binýadydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, 2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynyň taryhy ähmiýetde dabaralandyryljakdygyny bütindünýä jemgyýetçiligine şol günlerden aýan etdi.
Maýsa EMIROWA,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler