Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ykdysady, bilim-ylym we medeniýet, sungat ulgamlarynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiz öz çykyşlarynda “Türkmeniň milli däp-dessurlaryndan ugur alnyp döredilýän her bir eserde döwrüň beýik ruhy galkynyşy duýulýar. Olaryň döredijiliginde döwrüň aýratynlygy, milletiň ruhy gaýduwsyzlygy öz çeper beýanyny tapýar. Garaşsyz Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda nakgaşçylygyň, heýkeltaraşlygyň, zergärçiligiň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegi biziň üçin buýsançdyr” diýip, jaýdar belleýär.
Eziz Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen yglan edilen “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly uly döredijilik üstünliklerine, ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenip, ýurdumyzyň täze taryhy sahypalaryny döretdi. Gözel ülkämizde yhlasly, yzygider zähmet çekip, özlerini tanadan döredijilik işgärleri, ylaýta-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda önjeýli işläp ýören halypa mugallymlarymyz bilen bir hatarda zehinli ýaş suratkeşlerimiz Bitaraplygymyzy wasp edýän döwrebap eserlerini döredýärler.
Eýýäm ýylyň başynda türkmen halkymyzyň parahat we asuda durmuşymyzy, mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly XXV ýyllygyna bagyşlanyp, ýüzlenilen bu temanyň işlenilmegine uly hyjuw bilen girişen talyplar ussat halypalaryň goldamagy esasynda öz pikirlerini we döredijilik gözleglerini öz eserlerine geçirip, dürli çeperçilik serişdeleriň üsti bilen beýan etmäge çalyşdylar. Netijede, Bitaraplygy, parahatçylygy we ynsanperwer garaýyşlary wagyz etmekde 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda «Bitarap Watanymyzyň gujurly ýaşlary» atly talyplarynyň döredijilik işleriniň sergisiniň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu dabaraly sergide «Gujurly ýaşlar» toparyna girýän we döredijilik aýratynlyklary açyp görkezýän zehinli talyplaryň 200-den gowrak işleri (nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik we dizaýn, gobelen, keramika, zergärçilik, sungaty öwrenijileriň ylmy gollanmalary) Bitarap döwletimiziň belent sepgitlerini, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň nurana keşbini, döwürdeşlerimiziň şahsyýet aýratynlyklaryny açyp görkezýän ençeme portretleriniň, sport bäsleşikleriniň, şan-şöhratly beýik taryhymyzyň, ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň pelsepesini açyp görkezýän täsin äheňler we ajaýyp sazlaşýan taslamalar bir ýere jemlenip, sergide aýratyn orny eýelediler. Olardan nakgaşlykda Ýalkap Garyýewiň “Baýramçylyk horjuny”, Oraz Gökowyň “Bagtly durmuş”, Rüstem Hýytowyň “Bahar”, Gurbanjemal Almanowanyň “Gözel Aşgabat”, Suraý Rozkulowanyň “Gurbannazar Orazgulyýewiň portreti”, “Gülnabat Aşirowanyň portreti”, grafikada Mahym Atakowanyň “Türkmen ösüşiniň zamanasy”, Ogulşirin Jumageldiýewanyň “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany”, heýkeltaraşlykda Muhammetmyrat Muhadowyň “Asudalyk”, Maksat Bazarowyň “Bogaç han”, dizaýnda Aýşa Seýitowanyň “Asudalyk mekany”, Aýsoltan Arslanowanyň “Rowaçlyga beslenen Watanym”, binagärlikde Sany Agabaýewiň “Parahatçylyk mukamy”, Leýla Şadurdyýewanyň “Baky Bagtyýarlyk” hem-de amaly-haşam sungatynda Gunça Hudaýberdiýewanyň “Bäş welaýat bir jem bolup, dünýä haýran Türkmenistan”, Gurbansoltan Esengulyýewanyň “Bitarap ýurduň mirasy” we Akçagül Jumaýewanyň “Küştdepdi” ýaly ajaýyp eserleri serginiň dabarasyna baýramçylyk öwüşginini goşdular.
Zehinli talyp-ýaşlary Hormatly Prezidentimiziň sungaty ösdürmeklikde alyp barýan işlerine jogap edip, ýürek buýsançlaryny döredýän eserlerine uly yhlas bilen siňdirýärler. Bu üstünlikleri beýan etmäge we iňçe döredijilik diline geçirmäge talyplara elbetde, çeperçilik akademiýasynyň okuwynda esasy ähmiýete eýe bolan akademiki usulyýeti ýardam berýär. Sergidäki saýlanan eserleriň awtorlaryna ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we TDÇA-nyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy tarapyndan gymmatly sowgatlary hem-de ähli gatnaşyjylara hormat hatlary gowşuryldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylygyň waspy «Gujurly ýaşlar- 2020» geçirilen sergide öz ähmiýetli ornuny tapyp, türkmen şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde we žanrlarynda anyk maksada gönükdirilip, uly netijeleri görkezdi. Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň belent derejelerine ýetmegine we sungatyň çeperçilik gymmatynyň artmagyna saldamly goşantlary goşýan, ýagny sungatda ýüregi joşup duran “Bitarap Watanymyzyň gujurly ýaşlary” sergisine gatnaşýan çeperçilik akademiýasynyň kämil ýaşlarymyza uly döredijilik üstünlikleri arzuw edýäris!
.
Ahatmyrat Nuwwaýew,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň rektory
Teswirler