Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Garaşsyz Watanymyz gün-günden gülleýär, gül açýar. Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýyrdumyzyň her günki ösüşleri nusgalykdyr. Bu zatlaryň özi Bitaraplyk derejesiniň pugtalandyrmagyň miwesidir.

Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasaty ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýän beýik özgertmeleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orun eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň içeri we daşary syýasatynyň esasydygy Esasy kanunymyzyň 2-nji maddasynda kesgitlenildi.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň dogry ýoluny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy wezipelerini çözmekde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň özüniň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär. Ýurdumyz bu daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde özara hyzmatdaşlykda netijeli hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly başlangyjy bilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, yzygiderli durmuşa geçirilýän hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli “Açyk gapylar” syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär. Dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty dowamat dowam bolsun!    

.

                                                            Amanow Şirmuhammet,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

                               

                            

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok