Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejede bellenilip geçilýän ýylynda bu wakanyň bolup geçmegi bolsa Milli Liderimiziň saýlap alan Bitaraplyk syýasatynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary depginlerde ösdürilmegi, ata watanymyzyň rowaçlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläkde giňeldilmegi, parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegi, sebitde durnukly ösüş we howpsuzlyk meselelerine uly ähmiýetiň berilýändigi bu işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmeleri görkezýär. Türkmenistan hemişelik Bitarap ýurt we geoykdysady taýdan amatly giňişlikde ýerleşýän döwlet hökmünde sebit we halkara derejesindäki ösüşde durnuklylygy üpjün etmäge çalyşýar.
“Gallup” halkara barlaglar merkezi tarapyndan kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Bu merkeziň geçiren soraglary esasynda düzülen sanow her döwletiň içindäki howpsuzlyk ýagdaýyna we asudalygyna baglylykda düzülýändigini bellemek gerek. Türkmenistan dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip ykrar edilmegi Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrdy hem-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň, taýsyz tagallarynyň oňyn netijesini ýene-de bir gezek subut etdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl dünýä bileleşiginde we sebitde howpsuzlygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň, ýurdumyzyň asudalygynyň möhüm şerti bolup durýan Bitaraplygymyzyň ähmiýetini has-da doly açyp görkezer. Türkmenistan ýer ýüzünde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar hem-de hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda netijeli çykyş edýändigine şaýatlyk edýär.
Türkmenistan sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara guramalaryň ýagny, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara derejesindäki amala aşyrýan işleriniň möhüm ähmiýetlidigine güwä geçýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatyna laýyklykda sebitde parahatçylygy,howpsuzlygy üpjin etmekde we halkyň abadançylygy ugrunda durmuşa geçirilýän işler “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany”ýylynyň her bir gününde ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylýar.
.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy fakultetiniň talyby. |
Teswirler