2020-nji ýylyň 19-21-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda onlaýn görnüşinde “Söz azatlygy” atly okuw sapagy geçirildi.
Bu onlaýn wideokonferensiýa duşuşygyna Beýik Britaniýaly halkara bilermeni Mark Grigorýan, Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň wekili, hanym E.P. Natalýa Drozd hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünärinde okaýan 3-nji we 4-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.
“Žurnalistika bilimini döwrebaplaşdyrmaga kömek” taslama ady bilen geçirilýän okuw sapagynyň başynda gatnaşyjylary iş tertibi bilen tanyşdyryldy. Üç günüň dowamynda geçirilýän bu leksiýa 5 sagatdan ybarat bolup, onda ýurdumyzyň esasy hünärmenleriniň biri bolan žurnalistleriň borçlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynda söz azatlygy, halkara ülňüleri, söz azatlygynyň konstitusiýa taýdan berkidilmegi şeýle-de maglumata elýeterlilik, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen döwlet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň gizlinliligi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we saýlawlar, žurnalistikada awtorlyk hukugy, žurnalistika we gapma-garşylyk barada giňişleýin düşünje berildi.
Okuw sapagynyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryň has-da artdyrylýandygyny we mundan beýläk-de ösdüriljekdigi dogrusynda aýdyldy.
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler