Awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň şu ýyl üçin köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägine degişli bolan “Garagum ýalkymy” atly alawyň ýanyndaky ýerden ýaryşlara badalga berildi. Sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna toparlaryň 10-sy gatnaşdy.

Aşgabat — Daşoguz ýolunyň ugry boýunça badalga alan türgenler Garagum sährasynyň içi bilen 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşdylar. Bu gezekki çempionata gatnaşýanlaryň düzüminiň artandygyny, köpüsiniň bolsa ýaş türgenlerdigini bellemeli. Munuň özi sportuň şu görnüşiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny hem-de ýaşlaryň onuň bilen meşgullanýandygyny subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde, häzirki wagtda Diýarymyzda awtomobil sportuny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýar. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenildi we giňeldildi. Onuň üsti täze, ýokary tizlikli awtomobiller bilen yzygiderli ýetirilýär.

Ilki bilen, ýurdumyzyň kartingçileri bellenilen aralyk boýunça ýaryşa goşuldylar. Alty sürüjiniň gatnaşmagynda geçirilen karting ýaryşy örän çekeleşikli we gyzykly boldy.

Soňra “Volkicar” boýunça toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. Gönüden-göni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen üstünlikli ösdürilýän awtomobil sportunyň bu görnüşi, dünýä ýüzünde bolşy ýaly, türkmen ýaşlarynyň arasynda hem uly meşhurlyga eýe boldy.

Bellenilen badalgadan ugran türgenler ýokary tizlikli sport ulaglarynda 1671 metr aralyk boýunça üç tapgyrda ýaryşdylar. Türgenler bellenilen aralygy çalt geçmek ugrunda öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Soňra «Volkicar-drift» boýunça ýaryşlara badalga berildi. Oňa jemi bäş türgen gatnaşyp, olar ýekelikde öz ussatlyklaryny hem-de sport ulagyna erk etmegiň özboluşly aýratynlyklaryny görkezdiler.

Awtomobil sportunyň bu görnüşiniň ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýandygyny aýratyn bellemeli. Soňky ýyllarda awtomobil sportunyň “Volkicar” görnüşi boýunça tälim alýanlaryň we bu ugra höwesekleriň sany yzygiderli artýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan awtomobil sporty boýunça ýurdumyzyň çempionaty tamamlanandan soň, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda bu günki ýaryşlaryň ýurdumyzyň senagat işgärleriniň hünär baýramçylygy bilen gabat gelmeginde çuňňur manynyň bardygyny belledi. S.Berdimuhamedow çempionatlara gatnaşyjylary we onuň guramaçylaryny ýaryşlaryň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenlerine, tälimçilerine türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrmakda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Eminleriň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň toparyna wekilçilik edýän Çary Muhyýew we Mekan Populow “Nissan Pathfinder” awtoulagynda pellehana 2 sagat 7 minut 3 sekuntda gelip, üçünji orna mynasyp boldular.

Içeri işler ministrliginiň Bezirgen Nyýazowdan we Bäşim Saparowdan ybarat topary “Mini Cooper” awtoulagynda 1 sagat 48 minut 8 sekunt netije görkezip, ikinji orny eýeledi.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Merdan Toýlyýewden we Şöhrat Toýlyýewden ybarat topary “Nissan Patrol” kysymly awtoulagda bellenilen aralygy 1 sagat 42 minut 07 sekuntda geçip, birinji orny eýelemegi başardy.

Karting boýunça geçirilen ýaryşda IIM-niň Sport ulag merkeziniň türgeni Merdan Orazmuhammedow bellenilen aralygy 3 minut 33 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy.

IIM-niň Sport ulag merkeziniň türgeni Kemal Täşliýew bellenen aralygy 3 minut 26 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi.

Bellenilen aralyga 3 minut 21 sekunt wagt sarp eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň türgeni Rüstem Begenjow birinji orny eýelemegi başardy.

“Volkicar” boýunça üç tapgyrda geçirilen bäsleşigiň jemleri final ýaryşyň netijeleri boýunça jemlendi. Şonda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Maksat Daňatarow bellenilen aralygy 4 minut 35 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy. IIM-niň Sport ulag merkeziniň türgeni Gara Garaýew bolsa bu aralygy 4 minut 30 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Muhammetmyrat Gurbanow bellenilen aralygy 4 minut 29 sekuntda geçip, birinji orny eýeledi.

“Volkicar-drift” boýunça ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi. Emin agzalarynyň çözgüdine laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň türgeni Merdan Toýlyýew bu ýaryşda 66 utuk gazanyp, baýrakly üçünji orna düşdi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Karen Awagýan 69 utuk gazanyp, ikinji orny eýeledi. IIM-niň Sport ulag merkeziniň türgeni Parahat Garlyýew bu ýaryşda 73 utuk gazanyp, birinji orna mynasyp boldy.

Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň elektron senagatynyň önümleri bolan gymmatly baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby
Annamyrat Nurgeldiýew
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok