Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan konstitusion özgertmelere laýyklykda hem-de dünýäniň kanun çykaryjylyk tejribesini nazara almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa höhümet mejlisinde habar berdi.
Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny taýýarlamak, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hem-de «Döredijilik birleşmeleri hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Türkmenistanyň Raýat, Administratiw we Arbitraž iş ýörediş kodeksleriniň rejelenen görnüşleriniň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Mejlisiň iş meýilnamasyna laýyklykda, degişli halkara tejribe öwrenilip, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelýän teklipler esasynda «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyny, Zähmet kodeksini, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, Maşgala kodeksini we beýleki kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Şu ýylyň 24-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky on ikinji maslahatyna taýýarlyk görülýär, onda «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de beýleki kanunçylyk namalarynyň birnäçesine seretmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň yzygiderli geçirýän kanun çykaryjylyk işiniň ähmiýetini belledi. Bu iş döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmäge, ykdysady strategiýasyny amala aşyrmaga, jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmaga ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz deputatlaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ylmy institutlaryň degişli hünärmenleriniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek boýunça kabul edilen çözgütleriň many-mazmunyny we şolary durmuşa geçirmegiň ähmiýetini ýerlerde wagyz etmek hem-de ilata düşündirmek boýunça işleri bilelikde alyp barmaklarynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky on ikinji maslahaty geçiriler
18.10.2020
00:00
0
Teswirler