Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

Ýakynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Hormatly Prezidentimiziň täze çapdan çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň Xll jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Halkara gatnaşyklary institutyň professor mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty minisrtliginden myhmanlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ähli kitaplary bilen bir hatarda bu kitabynyň hem türkmen halky üçin gymmatly baýlyk bolup durýandygyny hem-de kitapda ynsan saglygy üçin peýdaly bolan dermanlyk ösümlikleri baradaky täsirli maglumatlaryň beýan edilendigini nygtap geçdiler. Şonuň ýaly hem onda bu kitabyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat bolandygy barada buýsançly bellenildi. Şeýle-de, çykyşlaryň dowamynda täze çapdan çykan kitabyň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmekde ähli ugurlar bilen bir hatarda saglyk ulgamyna aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada aýdylanlar olary diňlänlerde uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda saglyk ulgamyny mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde alyp barýan dünýä nusgalyk işlerinde Gahryman Arkadagymyza uly üstünlikler arzuw etdiler.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok