“Sanly diplomatiýa” boýunça okuw sapagy

2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň Aziýany öwreniş Merkeziniň dolandyryjysy we halkara metbugatynyň professor-mugallymy doktor Aly Al-Karni bilen Saud Arabystanyň wagty bilen irden sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda wideoaragatnaşyk arkaly geljekki diplomatlary taýýarlan ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin “Sanly diplomatiýa” babatda okuw sapagy geçirildi. Teleköpri arkaly gurnalan okuw sapagyna ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Doktor Aly Al-Karni öz çykyşynyň dowamynda dünýäni gurşap alan howply ýokanjyň-pandemiýanyň dowam edýän döwründe sanly ulgamyň üsti arkaly alnyp barylýan sanly diplomatiýanyň mümkinçilikleri, onuň ýörite täze ugur hökmünde döremeginiň ähmiýeti dogrusynda çykyş etdi.  

Wideoaragatnaşyk arkaly gurnalan okuw sapagynyň ahyrynda Doktor Aly Al-Karni talyp ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan sowallyryna jogap berdi. Çykyşynyň soňunda hormatly professor iki doganlyk ýurduň arasynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň ýokary derejelere çykýandygyny belläp, talyplara we mugallymlara üstünlik arzuw etdi.

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok