Ýaponiýanyň Hasegawa atçylyk fermasynda ýene bir Ahalteke taýçanagy dünýä indi

Ýaponiýadaky ahalteke atlarynyň muşdaklary ýakynda, ýagny ýene bir şatlykly wakanyň şaýady boldular. Honsýu adasynyň demirgazygyndaky ajaýyp Hatinoha sebitindäki Hasegawa atçylyk fermasynda ýene bir taýçanak dünýä indi. Enaýyja taýçanaga Şamaim diýlip at goýdular. Bu «behişdi» diýen manyny berýär.

Geçen ýylyň maý aýynyň ahyrynda Günüň dogýan ýurdunyň atçylygynyň taryhynda ilkinji Ahalteke taýçanagynyň dünýä inendigi barada habar berilipdi. Bu waka Ýaponiýanyň Ahalteke atçylyk birleşiginiň prezidenti hanym Yuriko Hasegawanyň eýeçiligindäki atçylyk fermasynda bolup geçipdi. Taýçanaga Familia diýip at goýupdylar.

Ondan bäri geçen wagtyň içinde Hasegawa fermasynda birnäçe taýçanak dünýä indi. Olaryň arasynda Süleýman hem bar. Ol hem edil Familia ýaly, öz atasyna — Medeo atly bedewe diýseň meňzeşdir. Ine, indi bolsa, nobatdaky ahalteke taýçanagy — Şamaim 2018-nji ýylda Ýuwaş ummanynyň kenaryndaky Amori diýen ýerde döredilen Hasegawa fermasynyň bezegine öwrüldi.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen, edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy şu ýyl döredilmeginiň 10 ýyllyk baýramyny belläp geçdi. Häzirki wagtda assosiasiýa öz hataryna arassa tohumly Ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, olaryň sanyny artdyrmakda atçylyk-sport ýaryşlary üçin ýyndam atlary, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlarynyň atçylyk hojalyklaryny we hünärmenlerini özüne birleşdirýän abraýly guramadyr.

Suratda: Hasegawa fermasyndaky ahalteke atlary.

Tawus Goçmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok