USSAT NEWS – täze elektron neşir

Ýakynda biz  Türkmenistan Sport halkara žurnalynyň 7/24 elektron goşundysy we ýene-de ýola goýulan birnäçe elektron neşirler baradaky maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetiripdik.

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ussat şahyr Gözel Şagulyýewanynyň ak pata bermeginde 7-nji oktýabrda täze “USSAT NEWS” atly elektron neşir öz işine başlady. Bu barada Atavatan Turkmenistan web saýty habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda alynyp barylýan işleriň yzygiderligi sport, bilim,  ylym, ykdysadyýet we dolandyryş, medenýet we ýene-de birnäçe pudaklarda gazanylýan üstünliklerde öz beýanyny tapýar.

Biz hem InAshgabat web portalynyň adyndan www.ussatnews.com web saýtyny tüýs ýürekden gutlaýarys.  Ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara derejeli abraýynyň has-da ýokary göterilmeginde, öz goşandyny goşjak USSAT NEWS elektron neşirine üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

Sylapberdi Mämmedow
InAshgabat

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok