Eşretli durmuşyň gözbaşy ylym-bilimdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz baky Bitarap döwletimiz ähli pudaklarda bolşy ýaly bilim-ylym ulgamlarynda hem düýpli özgetmeler bolup geçýär. Hormatly Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamlarynda häzirki wagtda ähli alynyp barylýan işler täze tehnologiýalar esasynda ýola goýulan. Alynyp barylýan ägirt uly işler täze tehnologiýalaryň üsti bilen ýerine ýetirilýär.
“Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýenede bir şatlykly wakalaryň biri Bitaraplyk baýramçylygynyň 25 ýylygy uly dabaralar bilen belenip geçiler.
Hormatly Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow : “Men halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşlaryny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginde görýärin. Biziň bu ýolumyz kämilligiň ýolydyr. Mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň durmuşynda ykbal kesgitleýji ýoldur. Bu ýol biziň ýaşlarymyzy sowatly bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ruhy-ahlak taýdan sagdyn, ynsanperwer adamlar edip ýetişdirmegiň ýoludyr” diýmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliniň kämil edep-terbiýeli, ylymly-bilimli bolmalydygyny nygtaýar.
Ylym, bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Adamyň ýaşaýyş – durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ylym ýagtylyk çeşmesi bolup, ol hiç haçan, hiç bir ýagdaýda gowşadylman, eýsem mydama kuwwatlandyrlyp durmaly pudakdyr. Üstünlige ýetmek üçin birek-birekden öwrenmek tejribe alayşmak zerur bolup durýar. Munuň şeýlidigine Hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda belläp geçýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler öňe gidişiklere eýe bolýar. Halkyň hal ýagdaýy has gowlaşýar. Ýurdyň ösmeginde esasy ugurlaryň biri hem ylym-bilimiň ýokary derejede ösmegini gazanmakdyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym-bilim, ykdysady, syýasy, medeni  ösüşlerine dünýäniň halkara maliýe guramalary iň ýokary baha berýärler. Diýarymyzyň gözel paýtagtynda, güneşli ülkämiziň ähli welaýatlarynda, etrap merkezlerinde ähli ýerlerde kämil kompýuterlerden peýdalanmaga doly mümkinçilikler döredilen. Bu täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda Hormatly Prezidentimiziň ýardamy uludyr.

Hormatly Prezidentimiz “Bilimsiz öý otsuz ojak ýalydyr” diýip, belleýşi ýaly, ýurdumyzda bilim, ylym pudagy düýpli özgertmeler bilen dünýäniň bilim giňişligine  çykaryldy. Ýaşlara bilim bermegiň milli tejribesi dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylýar. Döwletimiziň ýaşaýyş ösüşiniň  barha ýokarlanmagy, halkyň maddy hal ýagdaýynyň, ýokarlanmagy ýurtda alnyp barylýan bilim, ylym syýasaty bilen berk baglanşyklydyr.
Häzirki döwürde ýaşlar üçin optiki süýümli, ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilen. Ähli ýerlerde ulanylýan kompýuterler internet torlaryna birikdirlen  we elektron resminama dolanşygy ýola goýulan. Mundan başgada resminamalaryňy aňsatlyk bilen almak üçin elektron kitaphanalar doly işe goýlan. Ýaşlaryň bilim almaklary üçin Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde doganlyk halklaryň ýaşlary bilen aragatnaşyk saklamak üçin ähli mümkinçilikler döredilen.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz dünýä ölçeglerine laýyk gelýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň owadan binalaryny gurup, olary iň kämil okuw enjamlary bilen üpjünçiligini doly gazanmaga ýardam berýär. Bilimiň hukuk binýadyny hem pugtalandyrylýar.
Hemme zatdan ozal ylym düşünjesiniň many – mazmunyna, wajyplygyna, aýratyn hem ýaşlaryň göz ýetirmeklerini, düýpli düşünmeklerini gazanmak häzirki düwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Ylmy ösüşleri belentden-belent derejerere çykarmak üçin, türkmen halkynyň dünýä ýurtlary bilen bu pudaga dahylly bolan ugurlar boýunça ugurdaş gitmegi Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde häzirki durmuşy we geljekgi ykbaly üçin örän wajypdyr.
Hormatly Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudagy halkara ülňelerine laýyk getirmek üçin durmuşa geçirýän işleri ýurdumyzyň, halkymyzyň gowy durmuşda ýaşajakdygyna güwä geçýär. Bu mähriban ynsan öz iline hossarlyk golyny uzadyp bitirýän asylly işleriniň gönezliginde “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly ýörelgäni goýýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen yglan edilen bilim özgertmeleri häzirki günde özüniň ajaýyp müwesini berýär.
Türkmenistan döwletimiz Hormatly Arkadag Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysadyýetde syýasatda , ylymda, bilimde, medeniýetde barha belent ösüşler eýeleýär. Mundan başgada Türkmen döwletiniň ähli pudaklary hem batly depdin bilen öňe barýar ösýär we özgerýär.
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň milli bili, ulgamy ýylsaýyn kämilleşýär we onuň halkara bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy barha pugtalandyrylýar. Ylym-bilim Türkmenistanda halkyň ähliumumy gyzyklanmasyna we ykbalyna öwrüldi.
Goý, bilim çyragynyň nur saçmagy üçin taýsyz tagallalary edýän Hormatly Arkadag Prezidentimiziň jany sag ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmudama rowaç bolsun!

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy:
Seýliýewa Maýagözel.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok