Ukrainada galan raýatlarymyz ýörite uçar bilen gaýdyp geler

10-njy oktýabrda meýilleşdirilýän «Türkmenhowaýollarynyň» Kiýewden Türkmenabat şäherine çarter uçuşy koronawirus pandemiýasy sebäpli Ukrainada galan türkmenistanlylary Watanymyza getirer. Bu ýörite uçuş Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylar.

«Borispol» howa menziliniň maglumat gullugynyň habaryna görä, T53276 ýörite uçary «Borispol» halkara howa menzilinden Kiýew wagty bilen 18:30-da (Aşgabat wagty bilen 20:30) uçmaly. Watandaşlarymyzy alyp gaýtmaly Boeing 777-200LR uçary ýerli wagt bilen sagat 00:40-da Türkmenabadyň halkara howa menziline geler. Gelýän ähli raýatlar iki hepdelik hökmany karantini geçerler.

Türkmenistanyň hökümeti pandemiýanyň ýaýramagy zerarly daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň getirilmegini guramak boýunça işleri dowam etdirýär. Türkmenistanyň 120 raýaty serhet geçelgesiniň üsti bilen Özbegistandan öz Watanyna gaýdyp geldi. Şeýle hem Türkiýede, Russiýada, Belarusda we Hindistanda galan ildeşlerimiziň «Türkmenhowaýollarynyň» ýörite çarter uçarlary bilen Watanymyza gaýtarylyp getirilendigini ýatladýarys.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok