2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy türkmen raýatlaryny Russiýadan Türkmenistana getirmek üçin nobatdaky çarter uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu ýörite uçuş Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylar.
Moskwanyň «Domodedowo» howa menziliniň onlaýn tagtasynda habar berlişine görä, Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça T5706 uçuş Boeing 777-200LR uçarynda amala aşyrylar. Türkmenistanyň raýatlaryny alyp gaýdýan uçar ýerli wagt bilen 11:00-da (Aşgabat wagty bilen 13:00) uçmaly. Uçar ýerli wagt bilen sagat 16:30-da Türkmenabadyň halkara howa menziline geler. Gelýän ähli raýatlar iki hepdelik hökmany karantini geçerler.
Türkmenistanyň Hökümeti, pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlarynyň getirilmegini guramak boýunça işleri dowam etdirýär. Türkmenabadyň halkara howa menziline Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan çarter uçuşlary guraldy. Türkmenistanyň 120 raýaty gury ýer üsti bilen Özbegistandan öz Watanyna gaýdyp geldi.
Teswirler