Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, şeýle hem mähriban Watanymyzyň barha gülläp ösüşini, halkymyzyň şöhrata beslenen geçmiş mirasyny, asylly däp-dessurlaryny, kämil ahlak-edep, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly asylly gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň höwesjeň aýdymçy ýaşlarynyň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugrunda geçiriljek bäsleşigi 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek meýilleşdirilýär.

Ýagşymyrat Myradow,
TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok