Oba hojalyk pudagynda, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda, ýeriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmada suw bilen baglanşykly meselelere uly üns bermeli bolýar.
Soňky 30 ýylyň dowamynda suwaryş sebitleriniň howa şertleri we suwarymly ýerleriň meliorasiýa ýagdaýy belli bir derejede üýtgedi. Geçen 30 ýylyň dowamynda (1986-2015 ý.ý.) howanyň temperaturasynyň 1,0-1,2°C ýokarlanan-dygy, ýagan ygallaryň mukdarynyň hem belli derejede üýtgänligini ýörite hünärmenler belleýär (internet ulgamy). Howanyň temperaturasynyň galmagy bilen suwuň bugaryjylygy hem ortaça 120 – 150 mm aralykda köpeldi. Bu bolsa oba hojalyk ekinleriň suwaryş düzgünlerine öz täsirini ýetirýär.
Bütindünýä global meselesi bolan suw tygşytlamakda, ýeriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýurdumuzda uly göwrümli işler ýylyň ýylyna alnyp barylýar. Olardan 2009-njy ýylda açylan “Altyn Asyr” türkmen kölüni alsak bu bir diňe türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolman eýsem ol sebitde bitirilen işleriň iň esasynyň biridir.
Bütün dünýäde suwarmaklygyň birnäçe usullary giňden ulanylýar, olar esasanam her ýeriň öz toprak-howa şertlerine baglylykda önümçilige ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň “Ösüş maksatnamasynyň” ýardam bermeginde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Şorgala obasyndaky “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň 145 ga tejribe meýdançasynda biziň Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň mugallymlary we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda birnäçe ylym we tejribe işleri alnyp barylýar. Bul geçirilýän ylym işleriň esasy maksady oba hojalyk ekinlerinden hasda bol hasyl almak we bütin dünýä gloobal meselesi bolan suwy tygşytlamak bolup durýar.
Bu alnyp barylýan ylmy işleriniň içinde “Suwaryşyň ýagyş ýagdyrmak usulyndan peýdalanyp güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmek” diýen tema boýunça güýzlük bugdaýy suwarmakda dünýäniň ösen döwletleriniň häzirki döwüriň suw tygşytlamakda gazanylan soňky netijelerini Türkmenistan şertinde ýurdumyza ornaşdyrmak bolup durýar. Bu ylmy işinde güýzlük bugdaýy iki usul boýunça ýagny adaty kämilleşdirilen suwaryş we emeli ýagyş ýagdyrma usulyndan peýdalanyp suwarylyp ara tapawutlary giňden öwrenilýär.
Bu iki usulyň birnäçe aýratynlyklary we tapawutlary bar. Adaty kämilleşdirilen suwaryş düzgüninden peýdalanyp suwarylan ýagdaýynda ýeriň reýlefine üns bermeli bolýar, çünki ýer tekiz bolmasa suwy talaba laýyk ýetirip bolmoýar, bu bolsa köp mukdarda zähmeti talap edýär.
Emeli ýagyş ýagdyrma usulyndan peýdalanyp ekinler suwarylan ýagdaýynda bolsa ýeriň reýlefi hiç hili ekine zyýanly täsirini ýetirip bilmeýär, çünki ekine suw ýagyş görnüşinde berlip endigan ýagdaýynda ýetirilýär, hem-de 2,3 esse suwuň tygşytlanmagna ýardam edýär.
Penamuhammet IŞANGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy
Teswirler
Ýurdumyzda alnyp barylýan ylym işleriñ iñ wajyplarynyñ biridir, berekella. Işiñizde üstünlikleri dileg edýärin.