Türkmenistanyň Prezidenti Içeri işler ministrine we Gümrük gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken kararyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Çakyýewe, şeýle-de Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek soňky gezek duýduryldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigine (21.09.2020) esaslanyp TurkmenPortal habar berýär. .

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok