Halkara parahatçylyk güni

Ilki bilen halkara günler näme üçin zerur diýen soraga jogap bereliň. Halkara günler- gyzyklanma bildirilýän soraglary giň halk köpçüligine ýetirmäge mümkinçilik, şeýle hem adamzadyň gazananlaryny şöhratlandyrmakdyr.

Her ýylyň 21-nji sentýabrynda dünýä bileleşigi tarapyndan  Halkara parahatçylyk güni bellenilýär. Eýsem, bu baýram haçan bellenilip başlanypdyr? Halkara parahatçylyk güni BMG-niň Baş Assableýasy 1981-nji ýylda ähli döwletleriň we halklaryň arasynda sebit we global derejede parahatçylygy saklamagyň güni diýip yglan etdi. Ilkibaşda bu baýram BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylky mejlisiniň açylýan gününe gabatlanypdyr. Halkara parahatçylyk güni 20 ýyldan soň 2001-nji ýyldan başlap, Baş Assambleýanyň 55-nji mejlisinde agza döwletleriniň bir agyzdan ses bermegi netijesinde 21-nji sentýabrda bellenilip başlandy.

Birleşen Milletler Guramasy ähli dünýä döwletlerini we halklaryny Halkara parahatçylyk güniniň maksatnamasy boýunça harby hereketleri bes etmäge, parahatçylygy saklamaga we beýleki wagyz nesihat çärelerini geçirmäge çagyrýar.

Her ýylyň 21-nji sentýabrynda BMG-niň çäklerinde dürli çäreler toplumy geçirilýär. Adatça çäre parahatçylyk jaňynyň ýanynda geçirilýär we ilki bilen Baş sekretaryň çykyşy bilen başlanýar. Ondan soň, parahatçylygyň hatyrasyna bir minut dymyşlyk yglan edilýär we BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy öz çykyşy bilen dowam edýär.

Biziň ýurdumyz hem öz gezeginde dünýä döwletlerini parahatçylygy we howpsuzlygy saklamaga çagyrýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek başlangyjyny öňe sürdi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy halkara derejesinde goldaw tapdy.

Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok