16-njy sentaýabr – ozon gatlagyny goramagyň halkara güni

Ozan gatlagyny goramagyň halkara gününiň bütindünýä jemgyýetçiligi tarapyndan her ýylyň 16-njy sentýabrynda baýram edilmeginiň özboluşly bir taryhy teswiri bar.

1994-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 16-njy sentýabryny – 1987-nji ýylda  Ozon gatlagyny ýoklaýan maddalar boýunça Monreal teswirnamasyna gol çekilen senesini bellemek kararyna geldi we özüniň №A/RES/49/114 rezolýusiýasyna laýyklykda  her ýylyň 16-njy sentýabryny  ozan gatlagyny goramagyň halkara güni diýip yglan edildi.  1995-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda  bu baýramçylyk BMG-niň agzasy bolup durýan döwletleriň ählisi tarapyndan ilkinji gezek bellenildi[1].  

 Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli 2002-nji ýylda “Asmanymyzy halas ediň: özüňizi goraň, ozon gatlagyny goraň.”, 2003-nji ýylda “Asmanymyzy halas ediň: Çagalarymyz üçin edilmeli köp zat”, 2004-nji ýylda “Asmanymyzy goramak: maksadymyz ozon üçin amatly planetadyr.”, 2005-nji ýylda “Ozony göz öňünde tutup – howpsuz gün üçin!”, 2006-njy ýylda “Ozon gatlagyny tygşytlaň: Ýerdäki durmuşy halas ediň.”,  2007-nji ýylda “2007-nji ýylda üstünlikleriň ýigrimi ýyllygyny bellemek”, 2008-nji ýylda “Monreal teswirnamasy –  Global gyzyklanma üçin global hyzmatdaşlyk”, 2009-njy ýylda “Hemmeleriň gatnaşmagyny üpjün etmek: Ozon gatlagyny goramak dünýäni birleşdirýär.”, 2010-njy ýylda “Ozon gatlagyny goramak: Gowy dolandyryşyň we berjaý etmegiň mysaly”, 2011-nji  “Ozon gatlagyny goramakda üýtgeşik mümkinçilik” atly ýyllyk mowzuklary geçirildi[2].

Biziň ata Watanymyz Türkmenistan hem 1992-nji ýylyň 2-nji  martynda BMG-niň agzalygyna kabul edilenden soň, bu abraýly guramanyň 1985-nji ýylyň 22-nji martynda 28 ýurt tarapyndan kabul edilip gol çekilen Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna 1993-nji ýylda, 1987-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda tassyklan Ozon gatlagyny ýoklaýan maddalar boýunça Monreal teswirnamasyna bolsa 1994-nji ýylda goşuldy.[3]

2007-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Ozon gatlagynyny goramaklygyň halkara gününiň bütindünýä jemgyýetiligi tarapyndan giňden dabaralandyrylan gününde  Türkmenistan ozon gatlagyny goramak boýunça uly goşantlary üçin halkara sertifikatyna mynasyp boldy[4]. Bu waka tebigaty goramaklygyň halkara derejesinde iň bir ähmiýetli resminamasy bolan Ozon gatlagyny zaýalaýan maddalar boýunça Monreal beýanyna gol çekilmeginiň ýigrimi ýyllyk ýubileýine   gabat geldi.

2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda biziň ýurdumyzda BMG-niň 1985-nji ýyldaky ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasynyň hemde 1987-nji ýyldaky Ozon gatlagyny ýoklaýan maddalar boýunça Monreal teswirnamasynyň esasynda, jemi IV bapdan we 16 maddadan ybarat bolan “Ozon gatlagyny goramak hakynda” Türkmenistanyň  kanunyny kabul edildi[5].

Bu Kanun ozon gatlagyny goramagyň, şeýle hem ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmak babatda döwlet dolandyryşynyň we gözegçiliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ozon gatlagynyň dargamagy bilen dörän amatsyz netijelerden adamyň saglygyny we daşky gurşawy goramak maksady bilen, ozon gatlagynyň goralmagyna we onuň dargamagynyň öňüniň alynmagyna, dikeldilmegine gönükdirilendir. Şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde biziň ýurdumyzyň 2020-nji ýylda Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyna Düzediş atly resminama goşuljakdygy barada aýdyldy[6]. Bu taryhy resminama daşky gurşawa ýaramaz täsirli maddalaryň önümçiliginiň we sarp edilişiniň yzygiderli azaldylmagyna gönükdirilendir.

Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary welaýatynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy


[1] https://www.un.org/ru/observances/ozone-day

[2] https://ru.wikipedia.org/wiki/Международный_день_охраны_озонового_слоя

[3] https://wecoop.eu/wp-content/uploads/2020/05/Session-1_presentation-by-TurkmenistanBerdyiev.pdf

[4] Saryýew Ş we başg.  Ekologiýa we Türkmenistanyň durnukly ösüşi. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy. – A.: Ylym, 2015. 47-nji sahypa.

[5] http://customs.gov.tm/tk/laws/laws/ob-okhrane-ozonovogo-sloya

[6] https://www.atavatan-turkmenistan.com/umumy/trkmenistan-tze-halkara-konwensialara-gosular/

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok