“GARAŞSYZLYGYŇ MERJEN DÄNELERI” BÄSLEŞIGININIŇ ÝEŇIJILERI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda, ençeme ýyllaryň dowamynda geçirilýän zehinli çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden köp sanly çagalar gatnaşýar. Bäsleşigiň esasy maksady zehinli çagalary ýüze çykarmakdan, olaryň döredijiligine goldaw bermekden, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna bolan söýgini pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinden zehinli çagalaryň birnäçesi deslapky tapgyrlara gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry bolsa, gatnaşmaga zehinli çagalaryň jemi 15-si hukuk gazandy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry paýtagtymyzda ýerleşýän Mukamlar köşgünde geçirildi.

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda ýylda geçýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” döredijilik bäsleşigi aýratyn özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Dürli halklaryň milli lybaslaryny geýnen zehinli çagalar türkmen we daşary ýurt dillerinde ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly çykyşlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli özgertmeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylykly ýörelgeleri, döwletimiziň körpe nesiller baradaky ýadawsyz aladasy, mähriban topragymyzyň gözelligi hakynda gürrüň berýän wideoşekiller bilen utgaşdy. “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Çykyşlaryň jemleri boýunça, bäsleşikde ýeňiji bolan alty çaganyň ady yglan edildi. Olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Şeýle hem jemleýji bäsleşige gatnaşan ýaş zehinleriň hemmesine döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň netijesine laýyklyklykda:

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Ogulgerek Maksat gyzy Maksadowa; 

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ýakup Batyrowiç Batyrow; 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 3-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Kerimberdi Amanberdi ogly Abdyýew; 

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Alymow; 

Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Jennet Serdarowna Jumagulyýewa; 

Mary welaýatynyň Garagum etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Mekan Çarymyradowiç Çaryýew «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zehinli bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Babaýew Begendik
Türkmen oba hojalyk instiutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok