Türkmenistanly kosmonawt Russiýanyň medaly bilen sylaglandy

Oleg Kononenko Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat (Çärjew) şäherinde dogulýar. Oleg-a şol ýerdäki 15-nji orta mekdebi tamamlap Harkowdaky Awiasiýa institutynyň talyby bolmak miýesser edýär.

1966-njy ýylda kosmanawtlar toparyna kabul edien Kononenko 2008-nji ýylda ilkinji gezek asman giňişligine uçýar.Umumy alanyňda kosmosda 2 ýyldan gowrak wagt geçiren Oleg Kononenko häzirki wagtda tälimçi-kosmonawt synagçysydyr.

Kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko 2009-njy ýylda “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen at dakyldy we ” Altyn Aý” medaly bilen sylaglandy.

Ýakynda Oleg Kononenko Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan hem kosmos işiniň ösmeginde mynasyp goşandyny goşanlygy üçin “Watan öňündäki hyzmatlary” ordeniniň II derejesi bilen sylaglandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok