Nobel baýragy gowşurylyş dabarasy şu ýyl, korona wirusy pandemiýasy sebäpli 64 ýyldan soň ýatyryldy.

Adamzada hyzmat edenleri baýraklandyrmagy maksat edinen Nobel baýragy gowşurylyş dabarasy pandemiýa sebäpli 1956-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýatyryldy.

Her ýyl dekabr aýynyň ikinji hepdesinde Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda geçirilýän dabarada, eýelerini tapýan Nobel baýraklarynyň, şu ýyl sanly ulgamda beriljekdigi mälim edildi.

Epidemiýa sebäpli, bu ýyl geçirilip bilinmejegi mälim bolan Nobel baýrak gowşurylyş dabaralarynda her ýyl esasan hem 6 kategoriýadan ýagny, fizika, himiýa, edebiýat, lukmançylyk, fizýologiýa we parahatçylyk baýraklary berilýärdi.

Nobel Week 2019 in Stockholm – information for media - NobelPrize.org

Nobel gaznasynyň prezidenti Lars Heikensten pandemiýa barada: “Pandemiýa adamzat üçin uly krizis, bu hem Nobel gaznasynyň öňünde durýan meseleleriň has möhümdigini aňladýar. Şonuň üçin ylymyň ähmiýeti adamlara ýatladylar” diýdi.

Nobel baýragy gowşurylyş dabarasy, Sowet Soýuzynyň Wengriýa döwletinde bolmagyna nägilelik bildirenligi sebäpli, iň soňky gezek 1956-njy ýylda ýatyrylypdy.

 
 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok