InAshgabat portaly ekranda

«Aşgabat» teleýaýlymynyň «Sanly ulgam biziň durmuşymyzyň geljegi» atly gepleşiginiň bugünki sanynda www.artmuseum.gov.tm we www.ashgabat.in saýtlaryna bagyşlandy.

Bir ýyl bäri hyzmat berýän www.ashgabat.in saýtynyň redaktory Merdan Ataýew InAshgabat we Bilgirje portallary barada maglumat berdi.

InAshgabat (www.ashgabat.in) saýty raýatlary gyzyklandyrýan bildirişler, şäher durmuşy, ýerli habarlar, jemgyýet ýaşaýşyna degişli maglumatlary 3 dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürleýär.

Bilgirje portaly (bilgirje.ashgabat.in) bolsa ýaşlary gyzyklandyrýan temalarda gysgaça gyzykly we peýdaly maglumatlary hödürleýär. Şeýle-de Akademiýa bölüminde onlaýn wideo sapaklary, elektron gollanmalary hem köpçülige ýetirýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok