Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähiminden joşup çykan “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitaby esasynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda ylym-bilim alýan Talyp gelin-gyzlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan galan miras galan el-işlerini wagz etmek maksady bilen wagz-nesihat, döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyna Baş Drama teatrynyň sahna ussady Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa, Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň “Gepleşikleri utgaşdyryş” bölüminiň radioýaýlymlar boýunça baş utgaşdyryjysy Gülşirin Hanowa, şeýle-de Aşgabat Medeniýet Müdirliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň aýdymçysy Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Zylyha Kakaýewa we ýokary okuw mekdebimiziň halypa-mugallymlary gatnaşdylar.
Döredijilik duşuşygynda ene-mamalarymyz wagyz-nesihat ündewlerini berip, biziň gadymdan gelýän milli häsiýetli çeper keşdelerimiziň gymmaty dogrusynda giňden gürrüňler edildi. Ýaşlary watançylyk ruhda terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyzy aňlaryna ornaşdyrmakda, döwrebap bilim alyp kämilleşdirmekde, halypa mugallymlarymyzyň wezipesi uly bolup durýar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary bilen döredijilikli duşuşyklaryň sungat ojagynda gurnalmagy talyp ýaşlaryň gözýetimleriniň giňemegine, milli häsiýetli çeperçilik taýdan täze eserleriň döremegine getirýär. Ýurdumyzda hereket edýän Jemgyýetçilik guramalar bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýamyz wagyz-nesihat, döredijilik duşuşyklaryny yzygiderli gurnaýarlar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda sungat ussatlary döwrümizi wasp edýän aýdymlar bilen çäräni dabaralandyrdylar.
Aýjemal Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy |
Teswirler