Ýaş žurnalistleriň ukyplaryny ösdürýän duşuşyk geçirildi

13-nji iýunda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde örän gyzgalaňly «Ýaş žurnalistleriň hünärmenlerini kämileşdirmek we olaryň ukyplaryny ösdürmek» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga uniwersitetiň žurnalistika hünäriniň talyplary, mugallymlary, şeýle hem «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň baş redaktory Hojaberdi Apbaýew gatnaşdy. Maslahatda uniwersitetiniň Jemgyýeti-öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Ruslan Abdyýew, žurnalistika hünäriniň 1 ýyl talyplary: Goçowa Aýna, Muhammetdawydowa Aýsoltan we Gurbanberdiýew Şaperi,  hem-de H.Apbaýew çykyş etdiler. Baş redaktor žurnalistika barada,  žurnalistikanyň inçe syrlary, onuň kämilleşmegi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanda ýyllar boýunça žurnalistikanyň ýeten sepgitleri, geçen ýyllara garanyňda häzirki döwürde bu ugurda gazanylan üstünlikler we kämillik ýollary barada belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda baş redaktor bilen talyplaryň arasynda gyzykly sorag- jogaplar alyşyldy. Geljekki žurnalistler özlerini gyzyklandyrýan soraglarynyň degerli jogaplary bilen kanagatlandyryldy. Ahyrynda bolsa talyplara baýrakly sowallar hem berildi. Bu bolsa bu maslahatyň has hem gyzgalaňyny artdyrdy.

                                                                       

Gunça NAZAROWA,

Halkara Ynsanperwer ylymlary we  ösüş uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok