5-nji iýunda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, hukuk tertibini berjaý etmek hem-de ýol hereketiniň kadalary we pyýada geçelgeleriň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek maksatly hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz- nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, zähmet weterany Çaryguly Ataýew, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň wekilleri şeýle hem uniwersitetimiziň hormatly professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanda zyýanly endiklere garşy uly çäreleriň geçirilýändigi belläp geçildi. Esasan hem ynsan durmuşyna örän uly zyýan ýetirýän çilimiň döredýän ýaramaz endikleri barada gürrüň edilip, talyp-ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilip, maşgala abatçylygy, ýurt parahatçylygy şeýle hem sagdyn ýaşaýyş ugrunda ajy tüsseden daşda durmalydygy giňden wagyz edildi.
Içeri Işleri ministrliginiň wekilleri giň möçberde ýaýbaňlandyrylýan ýol hereketiniň düzgünleri barada belläp geçdiler. Ýol hereketiniň kadalaryny we pyýada geçelgeleriň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek her bir raýatyň borjy bolup durýar. Ömrümiziň rahatlygy ugrunda ýol hereketleriniň ähli düzgünlerini berjaý etmegimiz örän möhüm ähmiýetli durmuş ýörelgämizdir.
Türkmenistanda sporty ösdürmekde giň möçberli çäreler alnyp barylýar. Häzirki wagtda sport bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy we onuň jemgyýetdäki ähmiýeti ýokarlandy. Bu bolsa şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň uly täsir edýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Gunça NAZAROWA,
| Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby. |
Teswirler