Göçme okuw hyzmatlary hödürlenýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Diller dünýäsi” dil merkezi kärhanalar we bilim edaralary üçin ýerinde möhletli okuwlary guramak hyzmatyny hödürleýär.

Häzirki wagtda bu hyzmatdan Türkmen Döwlet maliýe instituty, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasy, S.A. Nyýazow adyndaky Oba Hojalyk uniwersiteti hem-de S. Türkmenbaşy adyndaky Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internaty peýdalanýar.

Bu göçme okuwlar degişli kärhanalardaky diňleýjileriň esasy alyp barýan işinden soň gatnaşmaga ýeňillik döredýär. Diňleýjiler iki ýere gatnap ýörmän, öz ýerindäki rahatlykdan peýdalanýar.

“Diller dünýäsi” dil merkezi 2017-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagta dünýä dilleri, kompýuter tehnologiýalary, tebigy bilimler we halkara synaglara taýýarlyk okuwlary dürli derejede hödürlenýär. Mekdep ýaşyna çenli çagalar üçin bolsa 10-11 aýlyk taýýarlyk okuwlary hyzmat berýär.

Merkezde çagalaryň köpugurly bolup ýetişmekleri üçin gurnaklar, medeni köpçülikleýin çäreler, sport ýaryşlary üçin ähli mümkinçilikler döredilen.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok