“Elektron Resminama Dolanyşygy”- kärhanany döwrebaplaşdyrmak üçin ilkinji ädim.

Milli Liderimiziň tassyklan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýurdumyzda ençeme işler alynyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň anyk görkezmeleri bilen ähli edara-kärhanalara elektron resminama dolanyşygy ulgamy gurnalýar. Biz hem ýurdumyzda giňden ulanylýan “Veridocs-Elektron Resminama Dolanyşygy” programmasynyň awtory bolan “Asman Oky” hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Baýram Jumaýew bilen programmanyň aýratynlyklary we kärhananyň işlerini ýeňilleşdirmekde goşýan goşantlary hakynda söhbetdeş bolduk:

Baýram salam, ilki bilen bilen özüňizi we zähmet çekýän “Asman oky” hojalyk jemgyýetini biziň bilen gysga tanyşdyraýsaňyz.

Men Baýram Jumaýew, “Asman oky” hojalyk jemgyýetiniň marketiň bölüminde zähmet çekýärin. Biziň kärhanamyz maglumatlar tehnologiýasy boýunça ýurdumyzda birnäçe işleri alyp barýar. Ýerli hünärmenlerimiz we daşary ýurtlardaky hyzmatdaş kompaniýalarymyz bilen ençeme taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik.

Siziň amala aşyran işleriňiz hatarynda halkymyz tarapyndan giňden ulanylýanlary haýsylar?

– “Asman oky” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri “Türkmendemirýollary” agentligi üçin elektron bilet we dolandyryş ulgamyny halkymyza elýeterli etdi. Biziň döreden ulgamymyz arkaly ýolagçylar elektron biletlerini internet arkaly alyp bilýärler. Gysgaça aýdanymyzda, ençeme ýyllar bäri ulanylýan has çykdajyly, has azaply we köneçil biletiň ýerine döwrebap, çalt we ynamly elektron bilet ulgamy gurnaldy. Şeýle hem, “AŞTU” ÝGPJ üçin gurnan onlaýn töleg ulgamymyz, Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň internet saýty we mobil applikasiýalary, 2018-nji ýylda geçirilen Agyr Atletika boýunça Dünýä Çempionatynyň resmi internet saýty biziň toparymyzyň buýsanç bilen belläp geçmek isleýän taslamalary. Galybersede, toparymyz ençeme edara-kärhanalaryň resmi internet saýtlaryny taýýarlady.

Söhbetdeşligimiziň esasy temasyna dolanyp gelsek, “Veridocs – Elektron Resminama dolanyşygy” ulgamy hakynda umumy maglumat beräýseňiz?

Biziň taýýarlan bu ulgamymyz kärhanamyzda zähmet çekýän ýerli hünärmenler tarapyndan taýýarlanylyp häzirki ýagdaýda Ahal welaýat häkimligi we Ahal welaýatynyň ähli etrap häkimlikleri tarapyndan hem-de “Aşgabat şäher telefon ulgamy” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ulanylýar. Umuman, bu ulgam guramanyň ululygyna we ýerine ýetirýän işlerine, şahamçalarynyň sanyna garamazdan ähli giriş/çykyş we içerki resminamalaryň elektron görnüşini bir ulgamdan dolandyrmak üçin niýetlenen elektron resminama dolanşygy.

Siziň bu ulgamyňyzda işgärlere tabşyryk bermek we olaryň işlerini ýerine ýetirişine gözegçilik etmek göz öňünde tutulanmy?

-Elbetde, ulgama girizilen her hata seredilmeli möhlet bellenilýär we degişli bölüm müdürlige ugradylýar. Bölüm müdürlik bolsa öz hünärmenlerine tabşyryk iberýär. Iberilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmeli möhleti bellenilýär. Ýerine ýetirilmeli möhletden gijä galan hatlar bolsa ýörite ekranda görkezilýär.

Ýerine ýetirilmeli işiň düzüminde topar bolup işlemek hem zerur bolup bilýär, şeýle halatlarda bu ulgamda topar bolup işlemek hem mümkinmi?

Işlenilmeli haty ençeme toparlara ibermek, hat hakynda düşündiriş girizmek, maslahatlary geçirmek ulgamda göz öňüne tutulan. Şeýle-de, bir bölümden çykan hatyň üstünde beýleki bir bölüm düzediş geçirip täzeden ulgama ýüklän halatynda hem hatyň köne wersiýalary elýeterli bolýar we her bölümiň girizen hatynda näme üýtgeşikler girizilenine gözegçilik edip bolýar. Netijesine baglylykda hatdan jogapkär işgär gutarnykly karary bermezden ozal her toparyň düşündirişleri, taýýarlan wersiýalaryna seredip, ahyrky netijä gelip bilýär.

Ulgamda kiber hüjümlere garşy nähili işler amala aşyrdyňyz?

-Programmanyň düzüminde ähli maglumatlar ýörite enkripsiýa arkaly goralýar. Şeýle hem, biz bu ulgamy gurnaýan kärhanalarymyza diňe içerki serwer bilen ulanmagy mashlahat berýäris. Elbetde, maglumatlaryň jemlenýän serwerlerini bolsa ýörite goraglar bilen hem berkitýäris. Şu ýerde belläp geçmeli ýene bir ýagdaý hem, diňe daşardan geljek hüjümlere garşy resminamalary goramak bilen çäklenmän, eýsem her bir resminamanyň kärhana içindäki howpsuzlygyny hem goramaga uly üns berýäris. Her hatyň haýsy işgär tarapyndan, haýsy içerki IP salgysy bilen öz kompýuterine haçan geçirip alandygy hakynda maglumatlar eldegirmesiz goralýar. Şeýle hem, hiç bir haty ulgamdan doly pozup aýyrmak mümkin däl. Pozulan hatlaryň ählisini ulgamyň ýolbaşçylary islendik wagt yzyna getirip bilerler. Bu bolsa diňe bir resminamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmän, eýsem, kärhananyň içindäki iş tertibine gözegçilik etmekde hem uly ýardam berýär.

Ýurdumyzda elektron goluň kanunçylygyna degişli ençeme işler alynyp barylýar. Ýakyn wagtda elektron goluň hem ulanylyp başlamagyna garaşylýar. Siziň ulgamyňyzda elektron goly birikdirmek göz öňünde tutulanmy?

-Hawa, göz öňünde tutulan. Bu ýerde esasy belläp geçmeli nokadymyz, biziň ulgamymyzyň doly ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan taýýarlanylandygy we ulgamda ähli özgertmeleri öz hünärmenlerimiziň ähli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçiliginiň barlygydyr. Şeýle hem biz ähli müşderilerimize ulgamdaky täzelikleri hemişelik mugt üpjün edýäris.

– Hakykatdan hem, bu ulgam kärhanalaryň döwrebaplaşmagyna uly goşant goşup, kärhananyň düzümindäki işlere gözgeçilik etmekde uly iş bitirýär eken. Ýurdumyzyň çäginde şeýle kärhanalaryň barlygy we şeýle uly taslamaly durmuşa geçirýändigi bizi diýseň buýsandyrýar. Biz hem size mundan beýläk hem alyp barýan işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýäris.

Biziň bilen söhbetdeşlik geçireniňize biz hem örän hoşal, işiňizde üstünlik!

Söhbetdeşligi taýýarlan:
Nazarowa Gunça
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok