Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli Goşun” žurnaly Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen harby ýörişden suratlary göni ýaýlymda paýlaşdy.

“Baky polk” atly halkara herekete goşulmak ýörişi, bu dabarada aýratyn üns çeken pursatlaryň biri boldy. Onda ýörişe gatnaşýan harby gullukçylaryň her biri elinde Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň portretlerini bilen ýörişe dowam edýär.

Surat galereýada Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçirilýän dabaraly harby ýörişe gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň wekiliýetiniň gaşy alyş pursatlary hem paýlaşylýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň esgerleriniň hatary garşylady. Olaryň biriniň elinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşy döwründe gulluk eden 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy bar.

Dabara feýrwerkler bilen tamamlanýar.

Surat galereýany “Milli Goşun” saýtynda görüp bilersiňiz.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok