Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ýerleşýän «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň arasynda atly sport we gözellik boýunça halkara çempionat geçirildi. Ýaryş Ýewropada ilkinji gezek şeýle giň gerimde guralan çäre hökmünde aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Çempionata Türkmenistanyň, Merkezi Aziýanyň, Ýewropa we Amerika ýurtlarynyň wekilleri – atşynaslar, alymlar, çapyksuwarlar we bu ugurdan hünärmenler gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ahalteke atlarynyň gözelligi bilen bir hatarda olaryň sport mümkinçilikleri hem görkezildi.
Çempionatyň maksatnamasyna gözellik, dressaž we konkur ýaly birnäçe bäsleşik girizildi. Halkara eminler bedewleriň beden gurluşyna, reňkine, hereketlerine we özüni alyp barşyna baha berdiler. Şeýle hem çäräniň çäklerinde suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we zergärleriň arasynda ahalteke bedewleriniň keşbini wasp edýän döredijilik bäsleşikleri geçirildi.
Kronenbergde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi hem guraldy. Bu duşuşyk Ýewropada ilkinji gezek geçirilmegi bilen tapawutlandy. Mundan başga-da, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary türkmen halkynyň milli atly oýunlaryny we däp-dessurlaryny daşary ýurtly myhmanlara görkezdi.
Çempionatyň iň esasy netijeleriniň biri Fransiýanyň wekili A.Martinesiň hojalygyna degişli «Ýyndam» atly gara reňkli bedewiň üstünligi boldy. Ol gözellik bäsleşiginde «Dünýä çempiony» we «Absolýut çempion» diýen atlara eýe boldy.
Ýeňijä Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan häzirki zaman ýeňil awtoulagynyň açary gowşuryldy. Beýleki ugurlarda-da tapawutlanan gatnaşyjylar «Ýaş atlaryň çempiony», «Ýewropanyň iň gowy bedewi» we «Iň owadan bezelen at» ýaly ugurlar boýunça kuboklar we pul baýraklary bilen sylaglanyldy.
Çäräniň jeminde ahalteke atçylygynyň ösdürilmegine goşant goşan şahslara hem ýörite baýraklar gowşuryldy. Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Marian Weltewreden Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza ahalteke atçylygynyň ösüşine goşan uly goşandy üçin ýörite baýrak we kubok gowşurdy.
Ýewropada geçirilen bu çempionat ahalteke bedewleriniň halkara atçylyk giňişligindäki ornunyň barha berkeýändigini hem-de türkmen atçylyk medeniýetine bolan halkara gyzyklanmanyň ýokarydygyny ýene bir gezek görkezdi.
Aýjeren Ballyýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby
Teswirler