Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Medine Sopytaganowa rus dili boýunça geçirilen “Homo dicens” atly halkara olimpiadada ýokary netijäni gazanyp, ýeňiji diýlip yglan edildi.
Bu abraýly bäsleşik Moskwanyň mugallymçylyk uniwersiteti hem-de Russiýa Federasiýasynyň Ynsanperwer ylymlar instituty tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa Russiýa, Hytaý, Saud Arabystany, Iordaniýa, Serbiýa, Moldowa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan ýaly döwletlerden 200-e golaý talyp gatnaşdy.
Olimpiada iki tapgyrda geçirilip, onuň dowamynda gatnaşyjylar rus dilini bilmek derejesini, sözleýiş ukyplaryny we nazary taýýarlygyny görkezdi. Ähli synaglaryň jemleri boýunça eminler topary Medine Sopytaganowany iň ýokary baha mynasyp görüp, oňa birinji orny hem-de I derejeli diplomy gowşurdy.
Belläp geçsek, Medine Sopytaganowa öň hem dürli döwlet we halkara derejesindäki intellektual bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolupdy. Uniwersitetde ol zehinli we döredijilikli talyplaryň biri hökmünde tanalýar.
Talybyň bu üstünligi diňe bir şahsy gazanylan netije bolman, eýsem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna hem goşant goşýar.
Suraý WEÝISOWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň
21-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Teswirler