S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda häzirki zaman žurnalistikasy, ykdysady ugurlarda onuň ähmiýeti hem-de media sowatlylygy boýunça açyk sapak geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň degişli merkezi tarapyndan bilelikde guraldy.
Açyk sapagyň myhmany hökmünde ORIENT habarlar saýtynyň ýaş žurnalisti Seýli Aryşow çykyş etdi. Ol häzirki sanly döwrüň we emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşi bilen baglanyşykly maglumat giňişliginde galp habarlar, şol sanda “fake news” we “deepfake” ýaly hadysalary anyklamagyň usullary barada gürrüň berdi. Şeýle hem ykdysady habarlarda statistiki maglumatlary dogry beýan etmegiň ähmiýeti we ykdysady adalgalaryň ulanylyş aýratynlyklary barada giňişleýin düşündiriş berdi.
Çykyşda häzirki wagtda internet žurnalistikasynyň, aýratyn hem ykdysady we söwda ulgamlarynda, barha giň gerim alýandygy nygtaldy. Sosial mediýa we onlaýn habar çeşmeleriniň giňelmegi bilen birlikde, maglumatlaryň dogrulygyny barlamak we galp maglumatlardan goranmak meselesiniň möhüm ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi.
Açyk sapak gyzykly çekişmeler bilen dowam edip, gatnaşyjy talyplar we mugallymlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.
Ýeri gelende belläp geçsek, ORIENT habarlar gullugynyň döredijilik topary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi bilen hyzmatdaşlykda ýaşlaryň arasynda şeýle bilim çärelerini yzygiderli geçirip gelýär.
Teswirler