Häzirki döwürde tebigy baýlyklardan rejeli we netijeli peýdalanmak meselesi dünýä jemgyýetçiliginiň esasy üns merkezinde durýar. Tebigatyň baýlyklarynyň çäkli bolmagy we olaryň çendenaşa peýdalanylmagy daşky gurşawa oňaýsyz täsir ýetirýär.
Alymlaryň aýtmagyna görä, ýerasty baýlyklar, suw serişdeleri we toprak gorlary tygşytly ulanylmaly möhüm baýlyklaryň hataryna girýär. Olary netijeli dolandyrmak diňe bir ykdysady ösüş üçin däl, eýsem geljek nesilleriň bähbidi üçin hem wajyp hasaplanýar.
Soňky ýyllarda köp ýurtlarda tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak boýunça döwlet maksatnamalary kabul edilýär. Bu maksatnamalaryň çäklerinde energiýany tygşytlamak, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri giňden ulanmak we önümçilikde ekologiki taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly çäreler amala aşyrylýar.
Şeýle-de, suw serişdelerini tygşytly ulanmak meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Oba hojalygynda döwrebap suwaryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy suwuň tygşytlanmagyna we has ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär.
Ekologlaryň bellemegine görä, tebigy baýlyklary goramakda jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagy zerurdyr. Her bir adam gündelik durmuşynda serişdeleri tygşytly ulanmak arkaly daşky gurşawy goramaga öz goşandyny goşup biler.
Arzygül ANNAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler