Türkmen talyplary VI Halkara olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we talyp ýaşlaryň halkara, döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmeklerini gazanmakda giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary 2025-nji ýylyň 4–8-nji dekabry aralygynda Hytaýyň Nankin şäherindäki Hohaý uniwersiteti tarapyndan guralan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän Nazary mehanika dersi boýunça VI Halkara olimpiadasyna gatnaşdylar.

Olimpiadada dünýäniň dürli ýurtlarynyň 66 uniwersitetinden 600-den gowrak talyp bäsleşdi. Bu halkara ýaryşa ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Ataýewa Dursunjemal we Azadowa Mähriban gatnaşyp, şahsy bäsleşikde hem, toparlaýyn bäsleşikde hem II orna mynasyp boldular.

Üstünlikli geçirilen olimpiada gatnaşan talyp ýaşlar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok