“ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary bäsleşigi geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlaryň döredijilikli pikirlerini hem-de innowasion başlangyçlaryny ösdürmek ugrunda möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramagynda Mary şäherinde geçirilen “ICT Startup: Durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly bäsleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.

Bu bäsleşik 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň Dialogynda öňe sürlen teklipleriň ilkinji ýerine ýetirilen taslamasydyr. Şeýle hem bäsleşik baradaky maglumat şol halkara duşuşykda halkara jemgyýetçilige ýetirildi.

Geçirilen bäsleşige 200-den gowrak ýaş gatnaşdy. Eminler toparynyň çözgüdi bilen 35 taslama ýeňiji diýlip yglan edilip, diplomlar we sowgatlar bilen sylaglandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok