HNGU-da III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi.

Bu olimpiada, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna” laýyklykda, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylmyň we bilimiň ösüşine aýratyn üns bermek, ýaş nesli giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly baş maksadyny durmuşa geçirmek ugrunda guraldy. Mundan başga-da, bilimiň hiline garaşsyz baha bermek ýaly möhüm wezipeler hem göz öňünde tutuldy.

Olimpiadanyň açylyş dabarasy şol günüň özünde uniwersitetiň baş binasynda geçirildi. Bu dabarada uniwersitetiň rektory bilen bir hatarda, sanly ulgam arkaly daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler. Olar olimpiada gatnaşyjylary gutlap, üstünlik arzuw etdiler. Dabara professor-mugallymlar, talyplar, şeýle-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşýanlaryň wekilleri hem gatnaşdylar.

Halkara derejesindäki bu internet olimpiada 18 ýurtdan 52 ýokary okuw mekdebinden jemi 555 talybynyň gatnaşmagynda geçirildi. Olaryň 256-sy daşary ýurtlardan – Germaniýa, Rumyniýa, Malaýziýa, Gruziýa, Hytaý, Russiýa, Belarus, BAE, Eýran, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Tatarystan, Özbegistan we Täjigistandan gatnaşdy.

Olimpiadanyň dowamynda birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary aýratyn üstünlik görkezdiler. Şolaryň hatarynda Gyrgyzystanyň I.Razzakow adyndaky döwlet tehniki uniwersiteti, Ermenistanyň milli politehniki uniwersiteti, Russiýanyň Samaranyň akademik S.P.Korolýew adyndaky barlag uniwersiteti, şeýle hem Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky uniwersiteti bar.

Olimpiadanyň netijeleri bu uniwersitet tarapyndan döredilen ýörite milli programma üpjünçiligi arkaly hasaplandy. Şol ballaryň esasynda şahsy ýeňijiler kesgitlenildi. Netijede ýeňiji bolan talyplar hem-de toparlaýyn ýaryşda üstünlik gazanan toparlar rektor tarapyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok