Tebigy ösümlikleriň adam saglygyna oňaýly täsirleri gadymy döwürlerden bäri bellidir. Olaryň arasynda çopantelpek aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ösümlik ululara we çagalara rahat dynç almagynda kömek edip, dürli kesellere garşy göreşmekde ulanylýar.
Çopantelpek, öz düzüminiň baýlygy bilen saglyga dürli ugurlar boýunça peýdaly täsir edýär:
1. Gyzzyrmany peseldýär. Çopantelpek organizmiň gyzzyrmasyny peseltmäge kömek edip, bedeniň ýylylygyny kadalaşdyrýar. Esasanam, sowuklama we grip ýaly kesellerde peýdalydyr.
2. Umumy sowuklamanyň bejergisi. Sowuklama we ýiti dem alyş keselleriniň alamatlaryny ýeňilleşdirýär. Burun dykylmasy, üsgülewük we boýnuň agyrmagy ýaly alamatlary azaldýar.
3. Aşgazan kesellerinden goraýar. Çopantelpek aşgazanyň kadaly işlemegine ýardam edýär. Iýmit siňdiriş ulgamynda döräp biljek spazmlary we düwnükleri ýeňilleşdirýär.
4. Antibakterial we antifungala täsirli. Onuň düzümindäki tebigy birleşmeler bedendäki zyýanly bakteriýalara we kömelek kesellerine garşy täsir edýär.
5. Kolik we stres alamatlaryny peseldýär. Esasanam kiçi ýaşly çagalarda ýüze çykýan kolik (içegäniň agyryly gysylmalary) alamatlaryny ýeňilleşdirýär. Şeýle hem, bedeniň rahatlanmagyna kömek edip, stres derejesini peseldýär.
Çopantelpek ösümlik çaýy hökmünde ulanylyp, stres we dartgynlylygy azaltmaga ýardam edýär. Dem alyş ýollaryny arassalamak üçin bug bejergisi hökmünde peýdalanylýar we çopantelpek demlemesi bilen edilen ýyly kompressler bedeniň rahatlanmagyny üpjün edýär.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Teswirler