Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan halkara abraýyny has-da pugtalandyrýar. Şu döwürde, milli hem halkara baýramçylyklar, medeni-sport çäreleri giňden geçirilýär. Saglyk meselesi barada gürrüň edilende Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri ilkinji ýada düşýär.
Bu gymmatly kitapda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde we dünýäniň dürli künjeklerinde ösýän dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumat berilýär. Mysal üçin, üzärlik ösümligi gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelýär. Üzärligiň diňe bir saglyga peýdaly bolman, eýsem, türkmen däp-dessurlarynda hem uly orny bardyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işi dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilip, daşary ýurtly alymlaryň we fitoterapiýa bilen meşgullanýan hünärmenleriň uly gyzyklanmasyny döredýär. Bu kitapda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň usullary giňişleýin beýan edilýär. Kitap dürli suratlar bilen baýlaşdyrylyp, onda dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi hem ýerleşdirilipdir.
Saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistan, ýaş nesilleriň saglygyny goramak üçin «Sagdyn mekdep» we «Sagdyn uniwersitet» maksatnamalaryny amala aşyrýar. Şonuň netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, dogry iýmitlenmek we halk lukmançylygyny ösdürmek ýaly işler durmuşa geçirilýär.
Aşgabatda we welaýat merkezlerinde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar we keseli anyklaýyş merkezleri guruldy. Şeýle hem, dermanlyk ösümliklerden dürli melhem serişdelerini öndürýän kärhanalar açyldy. Türkmen tebigatynda köp dermanlyk ösümlikler ösýär we olaryň bejerijilik häsiýetleri ylmy esasda öwrenilýär.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilip, türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň adam saglygyna ýetirýän peýdasyny ylmy taýdan açyp görkezýär.
Bu kitap diňe bir lukmançylyk işgärleri üçin däl, eýsem, dermanlyk ösümlikleri öwrenýän alymlar, fitoterapevtler we ösümlikleriň peýdaly häsiýetlerine gyzyklanýanlar üçin hem uly ähmiýete eýedir. Türkmen topragynda ýaşap geçen Abu Ali ibn Sina, Abu Reýhan Biruni, Seýit Ysmaýyl Gürgenli ýaly beýik alymlaryň eserlerinde hem ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri barada gymmatly maglumatlar bar.
Gahryman Arkadagymyzyň bu täsin ylmy işi türkmen tebigatynyň baýlyklaryny açyp görkezýär hem-de türkmen halkynyň saglygy üçin aýratyn gymmatly ensiklopediýa bolup durýar.
Gülnara Saparmämmedowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Teswirler