Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 16-na Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mekdep okuwçylarynyň tebigy zehinini, başarnygyny hem-de şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we ösdürmek boýunça işleri guramak we kämilleşdirmek barada berýän tabşyryklarynda ugur alyp, mekdep okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň başarnyklaryny we şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykaryp, geljekde hünär ugurlaryny saýlamaklaryna ýardam bermek maksady bilen Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Matematika”, “Fizika” we “Informatika” dersleri boýunça ders bäsleşigini geçirýändigini habar berýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň ähli isleg bildirýänlerini bu ders bäsleşigine işjeň gatnaşmaga çagyrýarys.
Habarlaşmak üçin:
- tel: +800 522 5-75-02;
- faks: +800 522 5-75-03;
- sms üçin: +99365474701
- e-mail: tdei@tdei.edu.tm, energetikatdei@gmail.com
Teswirler