«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» dabaralandyrmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň ýubileý toýuny giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilikli işleýän zenanlary hem-de žurnalyň okyjylaryny ýubileý ýylymyzda yhlasly, döredijilikli zähmete çagyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Halklar — bir jebis maşgala, Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň düzgünnamasy
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda parahatlyk we ynanyşmak ýoly bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly döwlet syýasatyny giňden wasp etmek, eziz Watanymyzyň parahatçylygy dörediji ýurt hökmünde alyp barýan işlerini, halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny, dünýäde parahatçylygy berkitmek bilen bagly durmuşa geçirýän beýik maksatlaryny, hem-de dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň döredijilige bolan höwesini artdyrmak, olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halklar — bir jebis maşgala, Ýaşasyn parahat durmuş!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň şertleri
«Halklar — bir jebis maşgala, Ýaşasyn parahat durmuş!» ady bilen geçiriljek bäsleşige Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň raýatlary öz döreden çeper-publisistik makalalary, oçerkleri goşgulardyr şahyrana eserleri bilen gatnaşyp bilerler. Bäsleşige iberilýän eserlerde Garaşsyzlyk ýyllary içinde hemişelik Bitaraplygymyzyň saýasynda döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň halkara abraýy dogrusynda, raýatlaryň yhlasly çekýän zähmetleri dürli žanrlaryň üsti bilen çeper we döredijilikli beýan edilmelidir.
Bäsleşigiň jemini jemlemek
Bäsleşige hödürlenen eserleriň iň gowularyny saýlap-seçmek üçin guramaçylar tarapyndan eminler topary düzülýär. «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasyna iberilen dürli žanrlardaky eserler döwrebap, çeper beýan edilişine seredilip, «Zenan kalby» žurnalynda çap ediler. Bäsleşige iberilýän eserler 2025-nji ýylyň noýabr aýyna çenli hasaba alnar. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler toparynyň gelen netijesi boýunça kesgitlener. Bäsleşigiň jemleri 2025-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan döredijilikli eserler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenýän işleriň ýany bilen oňa gatnaşyjy baradaky maglumatlar bolmalydyr.
Makalalar şu salga iberilmeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy ýa-da E-mail salgysy: zenankalby@sanly.tm
Teswirler