Ýurtlaryň we sebitleriň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini, ajaýyp tebigy landşaftlaryny öwrenmek, goramak we dikeltmek üçin aýratyn gorag meýdanlary döredilýär.
Tebigaty goramagyň Bütindünýä bileleşiginiň toparlamasyna laýyklykda, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň aşakdaky ýaly 8 görnüşini tapawutlandyrýarlar:
- Goraghanalar. Olaryň maksady ýitip barýan we seýrek duş gelýän tebigy baýlyklary öwrenmekden, goramakdan we dikeltmekden ybaratdyr.
- Milli seýilgähler. Olaryň maksady tebigatyň milli we halkara ähmiýetli görnüşlerini ylym, bilim we dynç alyş maksatlary üçin gorap saklamakdan ybaratdyr.
- Tebigatyň ýadygärlikleri.
- Dolandyrylýan tebigy ýerler.
- Goralýan landşaftlar we deňizýaka görnüşleri.
- Ýerleriň wagtyndan ozalky ulanylyşynyň önüm almak maksady bilen döredilýän tebigy baýlyklaryň hazynasy.
- Ýerli halkyň gadymy däp-dessurlaryny gorap saklamak maksady bilen döredilýän ýerler.
- Suwy, tokaýy, ösümlik we haýwanat dünýäsini, öri meýdanlaryny, syýahat edilýän ýerleri durnukly ulanmaga gönükdirilen tebigy baýlyklaryň köp maksatly peýdalanylýan ýerleri.
Häzirki wagtda dünýäniň 140-a golaý döwletinde 3 müň töweregi uly gorag ýerleri hereket edýärler.
Dünýäniň iň uly milli seýilgähi ýa-da goraghanalarynyň biri hem Grenlandiýa goraghanasydyr. Ol 1974-nji ýylda esaslandyrylan bolup onda esasan ak aýylar goralyp saklanýar.
Dünýäniň iň ilki döredilen goraghanasy bolsa Ýelloustoun (ABŞ) goraghanasydyr. Bu goraghananyň esasy aýratynlygy wulkan daglarynyň bolmagy, şaglawuklardan akýan suwlaryň 100 gradus SeLs derejesinde bolmagydyr. Her 90 minutdan bolsa 56 metr beýiklikden şaglawuklardan gyzgyn suwuň akmagy bu ýere gelýän syýahatçylaryň ünsüni has hem özüne çekýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda goraghanalaryň 8-si we çäkli goraghanalaryň 13-si bar, olaryň umumy tutýan meýdany 1 975 müň ga barabar, bu bolsa ýurduň tutýan umumy meýdanynyň 4% hem köpdür.
Gülnara JORAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 16-njy orta
mekdebiň mugallymy.
Teswirler