4-nji iýulda, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy.
Magtymguly Pyragynyň Astanada dikeldilen ýadygärliginiň beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň keşbini döredijilik bilen meşgullanýan pursatynda şekillendiripdir. Ýadygärligiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.
Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde dürli ýurtlaryň, şol sanda Gazagystanyň meşhur sungat işgärleriniň heýkelleriniň hem ornaşdyrylmagy bellärliklidir. Munuň özi halklaryň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanlarynyň biridir.
Ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýän ýylynda geçirilýän dabara iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Maýa JUMAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler