Mart aýynda ýurdumyzda halkara maslahat geçiriler

Mart aýynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpleri we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlandyrmagyny, dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär.

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu abraýly halkara guramadaky agzalyk şähere dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegi we ýaýbaňlandyrylmagy, şonuň ýaly-da şäheriň syýahatçylyk görküniň işlenilip düzülmeginde täze mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda ilatly ýerleriň we meşhurlyga eýe bolan syýahatçylyk künjekleri birleşdirýan ulag ýollarynyň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň üçin gezelenç etmäge, syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň şol ýol ugurlarynda göwnejaý dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Jennet ANNAGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok