Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň ilkinji iki tapgyry tamamlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň bilim edaralarynyň gysga möhletli okuwlarynyň diňleýjileriniň arasynda yglan edilen daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň ilkinji iki tapgyry tamamlandy. Fewral aýynyň başynda bilim merkezlerinde geçirilen birinji tapgyryň netijeleri boýunça 30 bilim edarasyndan dört ýaş toparyna degişli 500 töweregi okuwçy iňlis we rus dillerinden ikinji, sebitleýin tapgyra gatnaşmak hukugyny gazandylar.

Döwlet dil olimpiadasynyň ikinji tapgyry 18-nji fewralda ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde ýokary bilim edaralarynda — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirildi.

Aç-açan ýagdaýda guralan ýaryşlarda ýurdumyzyň ýokary we orta bilim edaralarynyň, şeýle hem gysga möhletli okuwlaryň, ýagny döwlete dahylsyz okuw mekdepleriniň mugallymlary eminlik etdiler.

Daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadasynyň ikinji tapgyrynyň ýeňijilerine diplomlar gowşuryldy we ýaryşyň 10-njy martda geçiriljek üçünji tapgyryna gatnaşmak hukugy berildi. Oňa iňlis we rus dilleri boýunça iň ýokary bilim derejesini görkezen 217 okuwçy gatnaşar. Bu ýylky döwlet olimpiadasynyň aýratynlyklaryndan biri-de, 16 ýaşdan uly toparlarda gatnaşýanlaryň dil bilimi üçin halkara baha beriş talaplaryna laýyklykda has ýokary derejede bäsleşmegidir.

Eýýäm ikinji ýyl geçirilýän bu olimpiada Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek ýörelgesine laýyklykda, daşary ýurt dilleri boýunça bilimi we okadylyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Bahargül MYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok