“Brain ring” – ýaş diplomatlara goşa gutlag

Şenbe güni, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli zehinli talyplaryň arasynda iňlis dilinde “Breýn ring” bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşik diýseň çekeleşikli bolup, oňa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekili emin agzalyk etdiler.

Ilki toparlar özara bäsleşdiler. Özara bäsleşjek ilkinji toparlar bije çekmek arkaly kesgitlendi. Ýaryşyň başyny Halkara gatnaşyklary institutynyň topary bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň topary başlady. Onda halkaraçy talyplar dürli temada berlen soraglara dogry jogap bermegi başaryp öňe geçdiler. Nobatdaky toparlar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat boldy. Bu gezek, dünýä dilleri institutynyň talyplary saýlanmagy başardylar. Netijeler boýunça, Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary bilen 3-nji orun üçin bäsleşmeli boldular. Soňra bolsa, deň-duşlaryndan saýlanyp ýeňiji bolan 2 sany topar – Halkara gatnaşyklary institutynyň we dünýä dilleri institutynyň toparlary 1-nji orun üçin güýç synanyşdylar.

Talyplaryň beren jogaplaryna şaýat bolan bäsleşige gatanaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda, emin agzalaryň çykaran netijesi boýunça türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary bu bäsleşigiň ýeňijisi boldular. Gyzgalaňly geçen bu ýaryşda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary 2-nji orna, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary 3-nji orna, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bolsa, ahyrky oruna mynasyp boldular.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko KHBS üçin beren interwýusynda, ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň bu bäsleşige örän taýýarlykly gelendigini belledi.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatanaşan zehinli talyplara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.

Seýli ARYŞOW,
Redaktor-terjimeçi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok