Aşgabatdaky Fransuz instituty 3-nji fewralda geçirilýän «Dizaýn plýus» döredijilik toparynyň hünärmenleriniň işleriniň mini-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar.
Bu çäräniň çäklerinde sözüni we sazyny özi döredip awtorlyk aýdymlary ýerine ýetirýän Wladimir Gasumýans bilen döredijilik duşuşygy hem geçiriler.
Çäre sagat 10:00-dan 17:00-a çenli şu salgyda ýerleşýän institutyň çäginde geçiriler: Aga Garryýew köçesi (öňki Sokolowskiý), 69-njy jaý.
Habarlaşmak üçin:
telefon: (+993 12) 36-83-70;
elektron poçta salgysy: ift.culture@gmail.com
Teswirler