Bagtyýar türkmen halkymyz ýokary ruhubelentlik bilen Täze — 2024-nji ýyly garşy aldy. 2023-nji ýyl bagtyýar halkymyzyň kalbynda ýakymly ýatlamalary, şanly wakalary bilen öçmejek yz goýdy.
Belent sepgitleri, taryhy wakalary bilen şöhratlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýap-ýaňy tamamlanan 2023-nji ýylda türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döredijilikli zähmet çekdi. Taryhy wakalaryň buýsançly günlerini başdan geçirdi. Türkmen ýaşlary özlerine bildirilen uly ynamy ödemek maksady bilen ata Watanymyzyň gülläp ösmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdylar.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl ýaş nesliň wekilleri bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda uly üstünlikleri gazandylar, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda-da ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belende galdyrdylar.
Goý, ýetip gelen täze ýyl hem halkymyz üçin düşümli, rysgal-döwletli, üstünlikli ýyllaryň biri bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ylham ÝAZYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler