Hoş geldiň, Täze ýyl, türkmen iline!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly işlerini dowamata atarjak Täze, 2024-nji ýyly mähriban halkymyz uly şatlyk we dabara bilen garşylady. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2023-nji ýylyň her bir güni depginli ösüşlere baý boldy, Garaşsyz türkmen döwletiniň senenamasy ýurdumyzyň halkara abraýynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artýandygyna, halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna, ruhy taýdan galkynýandygyna şaýatlyk edýän wakalara beslendi. Bu ýylda paýtagtymyzy hem-de welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, olaryň baý ykdysady we tebigy mümkinçiliklerini özleşdirmäge ýardam berýän birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi.

Tamamlanan 2023-nji ýylda ykdysadyýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi, oba hojalygy, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, gurluşyk, medeniýet, sungat ulgamlarynda belent sepgitlere ýetildi. Türkmenistan özüniň halkara abraýyny has-da belende galdyryp, dünýä derejesinde oňyn başlangyçlary öňe sürýän parahatçylyk dörediji döwlet, halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrdy.

Ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegi täze depgine eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan baky Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmegi dowam edýär.

Goý, Täze ýylda biziň ähli arzuwlarymyz hasyl bolsun! Parahat we asuda durmuşyň şatlygy, täze gözýetimleri, mümkinçilikleri açýan ertirki güne ynam hemmämize ýaran bolsun!

Sapargül AŞYROWA,

Aşgabat şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň
taryh mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok