Türkmenistanda 302 sany türkmen we 6 sany daşary ýurtly raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsi geçildi.
Duşenbe güni Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbimize eýerip, iş kesilen 302 raýatyň, şol sanda daşary ýurtly 6 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi, şeýle-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde, günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek barada görkezme berdi.
Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreleri amala aşyrmak tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.
Teswirler